Habarlar

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady

12.04.2023

Welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat kitaphanasynyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda çäre geçirildi.

Saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede edilen çykyşlarda ynsan saglygynyň ähli zatdan belentde tutulýan döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň nusgalykdygy barada aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde dünýäde gazanan abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegi babatda taýsyz tagallalaryň edilýändigi çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde, sporty ösdürmekde, sagdyn ýaşlary ýetişdirmekde beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.