Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 3-nji
orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10 — 11-nji
synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly
döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşikde çykyş eden okuwçylar akyldar şahyrymyzyň watansöýüjilik,
adalatlylyk, ynsan mertebesini belent saklamak, il-güne, ene-ata, ula-kiçä
hormat-sarpaly bolmak hakyndaky şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe örän uly ähmiýete eýedigini öz düzen goşgularynyň üsti bilen
beýan etdiler. Şeýle-de olar beýik Pyragynyň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli
goşgularyndan birini ýatdan aýtdylar.
Netijede, Magtymguly etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Dünýä
Meretgeldiýewa bäsleşigiň baş baýragyna, Balkanabat şäherindäki 23-nji orta
mekdebiň okuwçysy Gülbibi Şyhberdiýewa birinji, welaýat merkezindäki 2-nji orta
mekdebiň okuwçysy Yhlas Gurbanow ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk
gazandylar.