Belentden ýaňlanan owazlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda
yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry milli
aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň barha köpelýändigini aýdyň görkezdi.
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen
bagşy-sazandalar gatnaşdylar.
Türkmen
halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilen baý geçmiş mirasyny, dutar ýasamak senetçiligini,
dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk
sungatyny giňden wagyz etmek, halypa-şägirtlik däplerini
pugtalandyrmak, şeýle-de
täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen
bäsleşikde Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy, Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Merdan Baýramgeldiýew, welaýat
çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine
ýetirip, dutarda aýdym aýtmakda,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň
mugallymy Daýançmyrat Hangeldiýew, Türkmenbaşy
şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Rejepgeldi Aşyrow dutarda saz
çalmakda has tapawutlanyp, ýeňiji
bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlarydyr
ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Olar bäsleşigiň mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly
32 ýyllyk baýramçylygynyň bosagasynda ýurdumyz
boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.