Halkara senä bagyşlandy

Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar
ýylynda Hazar deňziniň güni
mynasybetli «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilen
«Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk
deňzi» atly ylmy-amaly maslahat
dünýäde
parahatçylyk söýüjilikli ýurt hem-de ylalaşdyryjy
merkez
hökmünde giňden tanalýan hemişelik Bitarap
döwletimiziň Hazar deňzi bilen baglanyşykly
meseleleri netijeli çözmek başlangyçlaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, milli we umumy bähbitleri nazara almak bilen, sebitde
deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk
etmek, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklara
eýe bolan Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasynda
dost-doganlygy pugtalandyrmak bilen bagly aýdyň maksatlara gönükdirýändigini nobatdaky gezek aýan etdi. Ylmy-amaly maslahatda Nýu-Ýork şäherinde şu ýylyň 12-nji sentýabrynda öz işine başlajak BMG-niň Baş
Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda
ýurdumyzyň öňe sürjek ileri tutýan
garaýyşlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şolaryň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe
ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň
giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara
meýdança boljak «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek baradaky teklibiň bolmagy
buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Maslahatda nygtalyşy ýaly, çäk taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod we beýleki tebigy serişdeleriň baý
gorlary, oňaýly howa şertleri Hazar deňzi sebitiniň
häzirki günde ösen senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegine mümkinçilik
berdi. Şunuň bilen baglylykda, köp
möhüm ugurlarda, şol sanda Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak, artdyrmak we peýdalanmak, söwda
gämi gatnawlary, syýahatçylygy ösdürmek we beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.