Bilim işgärleriniň maslahaty

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda welaýatymyzyň öňdebaryjy
bilim işgärleriniň maslahaty geçirilip, oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde
milli bilim ulgamynyň gazananlaryny açyp görkezýän sergini synladylar. Şeýle
täsirli pursatlar bilen başlanan maslahatda geçen okuw ýylynyň guwandyryjy
netijelerine seljerme berlip, täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň möhüm
wezipeleriniň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda beýan edilişi ýaly,
geçen okuw ýylynda welaýat Baş bilim müdirliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda, bilim
edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hil derejesini
ýokarlandyrmak we usuly ýardam bermek maksadyndan ugur alnyp, ýylyň dowamynda
toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Pedagogik işgärleriň hünär ýokarlandyryş
okuwlaryna işjeň gatnaşmaklary üpjün edildi. Netijede, bilim işgärleriniň
686-sy hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar.
Maslahatda welaýatymyzda bar bolan 164 sany umumybilim
berýän mekdeplerde täze okuw ýylyna ähli ugurlar babatda taýýarlyk işleriniň
geçirilendigi aýratyn nygtaldy. Bilim ojaklary täze okuw ýylynda ilkinji gezek
ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar çagalaryň 12 müň 120-ä golaýyny
gujak açyp garşylar. Şeýle-de, welaýatyň çäginde 173 sany mekdebe çenli çagalar
edaralary, 1 sany kömekçi mekdep-internaty, 1 sany welaýat saglygy dikeldiş
okuw-terbiýeçilik toplumy hem-de 1 sany çagalyk öýi hereket edýär. 11 sany
mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary bolup, olarda ajaýyp döwrümiziň ýaş
nesillerine hünärleriň 38 görnüşi ýörite hünärmenler tarapyndan öwredilýär.
Etrap-şäherlerinden gelen öňdebaryjy bilim
işgärleriniň bilim bermekde toplan oňyn tejribeleri dogrusyndaky çykyşlaryna
hem maslahatda giň gerim berildi.