Habarlar

Datly içgiler

23.08.2023

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Balkanabat şäherinde hereket edýän «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasy gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Kärhanada ornaşdyrylan önümçilik enjamlarynyň iş mümkinçilikleri, döwrebaplygy bilen ýakyndan tanşanyňda, hünärmenleriň olar baradaky gürrüňlerini diňläniňde, telekeçiligiň artykmaçlyklaryna ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.

«Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň «Dam-dam» ady bilen öndürýän gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň hem-de arassalanan agyz suwunyň hil derejesi oňat bolup, öndürilýän möçberleri barha artýar. Teşneligi gandyrýan dürli içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan satyn alnan kämil önümçilik enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi arkaly öndürilýär. Döwrebap enjamlara kärhanada bir çalşykda zähmet çekýän 50-den gowrak hünärmenler başarjaňlyk bilen erk edýärler.

Telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmekde, döwlet bilen hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, bazar gatnaşyklarynyň kanunçylyk esaslaryny yzygiderli kämilleşdirmekde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan düýpli özgertmelere mynasyp iş görkezijileri bilen jogap bermek «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň agzybir zähmet toparynyň baş maksady bolup durýar. Bu ýerde gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ýylda ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň bolsa 15 million litrden gowragyny öndürmäge zerur şertler bar. Kärhanada bu önümçilik mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar.