Habarlar

Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi

25.08.2023

Welaýat

häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada edilen buýsançly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän täze şygryň akyldar şahyrymyzyň dünýä içre arşa göterilen abraý-mertebesini, oňa goýulýan hormat-sarpany has-da belende göterendigi aýratyn nygtalyp aýdyldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgynyň Gündogaryň beýik akyldary hakynda ýazylan iň gowy eserleriň biridigi, bu şygryň üsti bilen dana şahyrymyza türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormat-sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň nusgalyk derejededigine göz ýetirmek bolýandygy baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi.

Şeýle-de dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy bilen baglanyşykly çykyşlara hem orun berlip, bu taryhy çözgüdiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň gerimde durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmesi bolandygy buýsanç bilen nygtaldy.

Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitap sergisine syn etdiler.