Habarlar

Gyzykly geçen bäsleşik

29.08.2023

Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

«Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» ady bilen geçirilen bäsleşige bank ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşyp, olar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Hünärim bar — hormatym bar», «Milli aşpezlik ukyplary» atly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, bank ulgamynda milli manadymyz dolanyşyga girizileni bäri geçen döwrüň içinde gazanylan üstünlikler bäsleşige gatnaşyjylaryň buýsançly çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Şeýle-de olar şertlere laýyklykda, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaba esaslanyp, milli tagamlary taýýarladylar, toý saçagyny bezediler, tagamlary taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň waspyny goşgulardyr gazallarda ýetirdiler.

Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň bank kartlary bölüminiň hünärmeni Maral Şämiýewa birinji, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň tehniki üpjünçilik bölüminiň hünärmeni Nargül Hallyýewa ikinji, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan şahamçasynyň dolanyşyk kassa amallary bölüminiň hasapçysy Şabibi Durdyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Birinji we ikinji orunlary eýelänler onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.