Beýik akyldara belent sarpanyň nyşany

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly çäreler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi bilelikde guradylar.
Dabaraly çäre etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary bilen badalga aldy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergide Gündogaryň beýik akyldarynyň eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine degişli taryhy gymmatlyklar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplary mynasyp orun eýeleýär.
Muzeýiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň örboýuna galşy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada giňden gürrüň edildi. Dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.
Halkymyzyň medeni mirasyny giňden öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, ony dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çärede öwran-öwran gaýtalandy.