Habarlar

Täze mekdep ulanylmaga berildi

01.09.2023

             Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýz paslynyň ilkinji güni welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, esasan hem, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyňdyr bilim işgärleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.  

            Bilimler we talyp ýaşlar gününde Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen 320 orunlyk täze orta mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi baýramçylyk gününiň şanly wakalaryň hataryny artdyrdy.

            Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan  «Myhmansöýer» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden täze orta mekdebi belentden ýaňlanýan döwrebap aýdym-sazlaryň astynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. 

          Ýaşlara bilim we terbiýe bermekde döwrebap amatlyklarydyr mümkinçilikleri bolan täze mekdebiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny hil babatda dünýä ülňülerine laýyk getirmek barada edýän çäksiz aladalary dogrusynda buýsançly söhbet edildi. 

            Täze mekdebiň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy uludan tutulan baýramçylyk çäresinde ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrüldi.  

           Täsirli, şowhunly geçen dabarada medeni çärelere hem giň orun berlip, onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary, şeýle-de mekdep okuwçylarydyr körpeler çykyş etdiler.

           Ýaşuly nesliň ak patasy bilen toý bagy kesilenden soň,  dabara  ýygnananlar täze binanyň  içine aýlanyp, bilim ojagynda döredilen ähli döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar. Bilim ojagynda aýry-aýry derslere ýöriteleşdirilen  lingafon we kompýuter synp otaglary bar.  Okuwçylaryň zähmet endiklerini kemsiz ele almagy üçin ähli zerur şertleri bolan ýörite zähmet otaglary göwnüňi göterýär. Täze mekdepdäki açyk we ýapyk sport meýdançalaryny, naharhanany, mejlisler zalyny, kitaphanany, suw, elektrik, ýyladyş, howa çalşyş ulgamlaryny uly buýsanç bilen synlap gören ildeşlerimiz ýaş nesle kämil bilim bermekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.