Habarlar

Bugdaý ekişine başlanyldy

06.09.2023

 

Welaýat häkimliginiň guramagynda bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli maslahat geçirilip, onda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi bilen ýetilýän belent sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. 

Maslahatda agrosenagat toplumynda ýetilýän belent sepgitlere, gazanylýan üstünliklere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmakda öňde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Güýzlük bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyň wajypdygy çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenç hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşyjylar halkymyzyň gadymy daýhançylyk tejribelerini açyp görkezýän taryhy gymmatlyklar, şeýle-de täze taryhy eýýamda oba hojalygynda ýetilýän sepgitleriň beýany bolup durýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Soňra dabaralar çäräniň geçýän ýerinde, ýagny Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda dowam etdi. Alty ganat ak öýleriň, dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriniň, oba hojalyk önümleriniň sergileri dabaranyň geçýän ýerine aýratyn bezeg berdi. Sergileri uly höwes bilen synlan adamlar medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, baýlaşdyrmakda edilýän aladalaryň oňyn netijeleri, oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Gelin-gyzlaryň ümeçilik dessuryndan görkezen parçalary, ak bugdaýyň unundan dürli çörek önümlerini taýýarlaýyşlary dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sahna ussatlarynyň gadymy daýhançylyk däplerimizi beýan edýän çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň täze taryhy eýýamyň beýik ösüşlerini, daýhanlarymyzyň göreldeli zähmetini, bagtyýar durmuşymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-sazlary dabaranyň şowhunyna şowhun goşdy. Şunuň ýaly ýatda galyjy pursatlaryň dowamy Arkadagly Serdarymyzyň sargydyna eýerilip, halkymyzyň asylly däbine görä dilleri senaly ýaşulularyň «Bismilla!» diýip başlap bermekleri, ýagşy doga-dilegleri bilen badalga alan güýzlük bugdaý ekişine utgaşdy. Ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary köpçülikleýin ekişe girişdiler. 

Şu ýyl welaýatymyzda 50 müň gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseýiç» hem-de «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler. Ekiljek şonça meýdandan 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak ýer eýeleriniň arzyly maksadydyr. Ekiş geçirmekde kuwwatly traktorlaryň 125-si, ekiji enjamlaryň bolsa 117-si gallaçy kärendeçileriň hyzmatynda bolar. Tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 26-sy hereket eder. Ekişe gatnaşyjylara ediljek medeni we söwda hyzmatlary umumy işe oňyn itergi berer.

Ekin meýdanynda guralan maslahatda jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmekde, şeýle-de bellenilen möhletinde tamamlamakda öňde durýan wezipelere ýene bir ýola ser salyndy.