Täze okuw ýyly başlandy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we
talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatymyzyň
ähli bilim ojaklarynda geçirilen dabaralar özboluşly baýramçylyk ruhuna beslendi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat
bölüminde, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji
hem-de tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdeplerde
geçirilen baýramçylyk dabaralary has-da giň gerimli bolup, olara welaýat hem-de
şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly
ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary, bilim işgärleri
gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we
bilim işgärlerine Gutlagynyň okalmagy
hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny, buýsanjyny artdyrdy.
Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanan
dabaraly çärelerde çykyş edenleriň buýsanç bilen nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzda
bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly özgertmeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar,
döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde röwşen geljegimiz bolan ýaş
nesillerimize berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, halkara
tejribeleri milli ýörelgelerimiz bilen utgaşdyrmak arkaly döwrebap we kämil
bilim binýadyny emele getirmek maksady bilen badalga berilýän başlangyçlar
has-da rowaçlanýar.
Täsirli
çykyşlardan soňra, bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň sesi
ýaňlanyp, ähli synplarda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen at bilen
geçirilen ilkinji okuw sapagy ýokary ruhubelentlige beslendi. Ilkinji gezek ak
mekdebiň gapysyndan ätläp, 1-nji synpa baran çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi aýratyn ýatda
galyjy pursatlary peşgeş berdi.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar welaýatymyzyň
ähli ýerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.