Habarlar

Pagta ýygymyna başlanyldy

09.09.2023

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata welaýatyň oba hojalyk toplumynyň  işgärleri, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri,  kärendeçiler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Onda welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, yhlas siňdirilip ýetişdirilen «ak altynyň» bitginli hasylyny ýygnamaklygy öz wagtynda ýokary hilli, agrotehniki talaplara laýyk geçirmek, tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek ýaly derwaýys meselelere seredildi.

          Dabara Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň bereketli ekin meýdanynda pagta ýygymyna  badalga berilmegi mynasybetli  ýaýbaňlandyrylan çäre bilen dowam etdi. Onuň geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan ruhlanan welaýatymyzyň babadaýhanlary, asylly däbe görä, il  sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen  pagta ýygymyna girişdiler.

          Dabaranyň geçýän ýerinde öňde duran möhüm wezipelere, durmuşa geçirilmeli derwaýys çärelere bagyşlanyp, usuly-amaly maslahat geçirildi. Onda welaýatyň oba hojalyk toplumynyň degişli hünärmenleri çykyş edip, pagta ýygymyna gatnaşjak tehnikalaryň iş düzgünleri, olary saklamagyň kadalary, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň berdiler. 

          Welaýatymyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlary has-da täsirli, şowhunly boldy. Dürli sport çäreleri guralyp, türkmen milli göreşi boýunça pälwanlar güýç synanyşdylar, olara sylag-serpaýlar ýapyldy.

           Bereketli topragymyzdan ýygnalan «ak altyndan» ýüküni ýetiren  awtoulaglaryň «ak kerweni» Gyzylarbat etrabynyň merkezindäki pagta arassalaýjy kärhanada döwrebap aýdym-sazlar bilen garşylandy. Bu ýerde ilkinjiler bolup döwlete pagta tabşyran ussat pagtaçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.