Beýik akyldara belent sarpanyň nyşany

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly
çäreler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz
ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen
«Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we
milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi
bilelikde guradylar.
Dabaraly
çäre etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada
welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary
bilen badalga aldy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan
sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergide Gündogaryň beýik akyldarynyň
eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine degişli taryhy gymmatlyklar hem-de
Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplary mynasyp orun eýeleýär.
Muzeýiň
mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň
beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň örboýuna galşy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada
giňden gürrüň edildi. Dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli
çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.
Halkymyzyň
medeni mirasyny giňden öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, ony dünýäniň ylmy
jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri alyp
barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çärede öwran-öwran
gaýtalandy.