Habarlar

Russiýaly sirk artistleriniň täsirli çykyşlary

13.09.2023

Ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniňwelaýat merkezi Balkanabat şäherin«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda ýaýbaňlandyrylýan şowhunly çykyşlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Russiýanyň at gazanan artisti Baýram Ataýewiň aýylar bilen görkezýän oýunlarynyň diňe bir bagtyýar çagalarda däl, eýsem, dürli ýaşdaky tomaşaçylarda hem uly täsirleri galdyrandygyny bellemek gerek. Ussat sirk artisti Alýona Swetkowa bolsa özüniň gimnastika boýunça görkezen täsin oýunlary bilen sirk muşdaklarynyň şowhunly el çarpyşmalaryny gazanmagy başardy. Akrobatlaryň, ýolbarslardyr gaplaňlar bilen täsin oýunlary görkezýän artistleriň çykyşlarynyň dowamynda hem binany dolduryp oturan tomaşaçylaryň ýürekden hoşallygynyň özboluşly beýany bolan şowhunly elçarpyşmalar yzygiderli ýaňlandy.