Ajaýyp sahnada ajap aýdymlar

Balkanabat şäherindäki«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda
paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň täsirli
pursatlara baý bolan çykyşlary baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi
ýokary ruhubelentlikde garşylaýan welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý
sowgady boldy. Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber
Rahmanowanyň, Türkmenistanyň at gazanan
artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň,
şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň,
Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary
tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap okgunly
öňe barýan Watanymyzyň köpugurly üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
waspy ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlaryň mazmunyny düzdi. Şonuň üçin hem
ajaýyp sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, tomaşaçylary gurşap alan ýokary
ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny täze
zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan welaýatyň ilatynyň buýsanç we bagtyýarlyk
duýgularynyň beýanyna öwrüldi.