Garaşsyzlyk güni — naýbaşy baýram

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy welaýatymyzda hem
uludan tutuldy. 27-nji sentýabrda ir säher bilen welaýat merkezi Balkanabat
şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda dabara geçirildi. Dabarada Döwlet senasynyň
belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly
ýagdaýda okalyp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra baýramçylyk
gutlaglaryna, giň mazmunly buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Olarda
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent
maksatlaryň, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, belent heňde
ýerine ýetiren şirin aýdymlary bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat
döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy dowamly el
çarpyşmalara mynasyp boldy. Aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, belent
maksatly işleriň waspy ýetirildi.
Naýbaşy baýramymyz welaýatymyzyň ähli
etrap-şäherlerinde hem şowhunly dabaralara beslendi.