Habarlar

Uly ruhubelentlige beslendi

28.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň  uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek  hem-de  daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek barada resminamalara gol çekdi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly,  welaýatymyzda  hem Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň pasportlaryny we daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçen dabarada welaýatymyzda ýaşaýan adamlaryň 64-sine Türkmenistanyň raýatlyk pasportlary, şeýle hem daşary ýurtlylaryň 19-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar gowşuryldy. Pasportlara we ygtyýarnamalara  mynasyp bolan adamlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

          Soňra dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren buýsançly çykyşlarynda ata Watanymyzyň ajaýyp zamanadaky ösüşleriniň waspy ýetirildi.