Beýik akyldaryň belent sarpasy

Welaýat
häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly
seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly waka mynasybetli dabaraly
maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar
gatnaşdylar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyraga
goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilýändigi her birimizi
buýsandyrýar. Özüniň çuňňur garaýyşlaryny çeper söz arkaly ussatlyk bilen beýan
edip, ynsanlaryň ýüreklerinde baky orun almagy başaran söz ussadynyň eserlerini
bu gün tutuş dünýä halklary öwrenýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary
göwher gaşy ýaly öz öwüşginini ýitirmeýär. Olar bakylyga öwrülen ruhy
baýlykdyr, hazynadyr.
Maslahatda
çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Asyrlar aýlansa-da, öz
gymmatyny ýitirmeýän eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan Magtymguly atamyzyň
sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Soňra welaýatymyzyň
sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň
artistleriniň türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine bagyşlap ýerine ýetiren
edebi-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Ýaňlanan
aýdym-sazlarda döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, her bir setiri nakyla öwrülen
Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi.