Habarlar

Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!

08.12.2023

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar. 

Welaýatymyzyň  medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň artustleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzyň ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnanalara ruhy lezset paýlady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ulsumyzyň röwşen geljegine gönükdirilen belent hem döwletli tutumlarynyň mundan beýlägem rowaçlanmagy baradaky ýagşy arzuwlar bolsa ýerine ýetirilen  döwrebap aýdym-sazlaryň esasy mazmunyny düzdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň birleşen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» diýen aýdymy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.