Habarlar

Parahatçylygyň, abadançylygyň baýramy

13.12.2023

Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, medeniýet  işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylaryň agzybirlik bilen gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.

         Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Dabarada baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählumumy bähbitlere gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

         Welaýatymyzyň sungat ussatlary belentden ýaňlanan aýdym-sazlarynda, görkezen sahnalarynda beýik gymmatlyk bolan hemişelik Bitaraplygymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy wasp etdiler. Şunuň ýaly çuň mazmunly medeni çykyşlaryň dowamynda asuda asmany parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderilerdir dürli reňkli şarlar bezedi.

 Halkymyzyň hemişelik Bitaraplygymyza bolan çäksiz buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň özboluşly beýanyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslendi.