Täze ýylyň baýramçylyk söwdasy

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynyň 15-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde
Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýdyp, bu baýramyň bellenilýän
günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli
görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi
çekdi hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara
anyk tabşyryklary berdi. Munuň
özi şu günler berkarar Watanymyzyň
her bir raýatyny gurşap alan toý şatlygynyň gözbaşyna öwrüldi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň bu tabşyryklarynyň anyk çözgüdine eýe bolýandygyny
welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň bazarlaryna, söwda nokatlaryna
baranyňda-da doly göz ýetirýärsiň. Söwda nokatlarynda harytlar köp. Bu bolsa
bazar bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini
tassyklaýar. Munuň üçin Täze ýyl baýramçylygyny ýüreklerine jaý edip
garşylaýan, ony mukaddes ojaklarynda agzybirlikde bellemek üçin ýakymly
aladalara berlen bagtyýar raýatlaryň her biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Göwünleri
toý şatlygyna, dilleri alkyşly sözlere beslenen bagtyýar adamlary aýratyn
begendirýän ýagdaýlaryň ýene biri alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli, ýokary hilli
harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagydyr. Milli buýsanja
öwrülen bu üstünlikde hususy işewürleriň, telekeçileriň uly goşandyny nygtamak
gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly
başlangyçlary, şol döwletli tutumlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde türkmen
işewürleri belent sepgitlere ýetýärler. Häzirki wagtda olaryň hödürleýän
hyzmatlary, durmuşa geçirýän işleri, öndürýän dürli önümleri dünýä bazarlarynda
bäsdeşlige ukyplylygy bilen guwandyrýar.
Täze ýylyň bosagasynda gyzyşan baýramçylyk söwdasyny
synlanyňda, hormatly Prezidentimize ýene bir ýola ýüregiň töründen çykýan
hoşallyk sözlerini aýdýarsyň.