Ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabarasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Änew — müňýyllyklardan
gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýat döwlet
drama teatrynda geçirildi. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly
ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara ýokary
ruhubelentlige beslendi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň kitabynyň
çapdan çykmagynyň şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy
giň äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan şanly
waka öwrülendigini nygtadylar.
Änew medeniýetiniň taryhy baradaky gyzyldan gymmatly maglumatlaryň her biri
ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. Ata-babalarymyzyň gurmak hem-de döretmek
ýaly sogaply ýörelgeleri, halkymyzyň şöhratly geçmişi barada giňişleýin gürrüň
edilýän ajaýyp kitaby okanyňda, keremli topragymyza, eziz Watanymyza bolan söýgiň
has-da artýar. Şöhratly pederlerimiziň, senetçi ussalarymyzyň guran binalarynyň
dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan sungatdygyny açyp görkezýän Änew
medeniýeti, ýadygärlikleri daşary ýurtly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne
çekýär.
Çykyş edenler şular dogrusynda gürrüň edip, milli däp-dessurlarymyzy,
medeniýetimizi we sungatymyzy beýan edýän eserini halkymyza peşgeş beren
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly
Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
çykyşlaryna giň orun berildi. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlarda gözel
Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp
barýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň waspy ýetirildi.
Ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.