Adamzat kalbynyň şahyry

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly
— dünýäniň akyldary» atly kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy Gündogaryň beýik söz
ussady Magtymguly Pyraga we onuň tutuş
adamzadyň ylham çeşmesine öwrülen döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň
kepili bolup, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly
ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş
dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň ägirt uly ähmiýeti dogrusynda
giňişleýin gürrüň edildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik
akyldaryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler
durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
diýlip atlandyrylmagy, dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň dünýä boýunça dabaraly
bellenilmegi we beýleki çäreler munuň subutnamalarydyr. Hormatly
Prezidentimiziň täze kitabynyň şöhratly wakalary bilen bilen taryha giren «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş bermegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ajaýyp
sazlaşygy emele getirýär. Mähriban
halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma, ruhy hazyna bolan kitapda Magtymgulyny
öwreniş ylmynyň döreýşi we ösüşi, akyldaryň edebi mirasyny öwrenmegiň we
öwretmegiň usullary, beýik söz ussadynyň döredijiligini dünýäde wagyz etmek boýunça
alnyp barlan işler öz beýanyny tapýar. Dabarada merdana halkymyza ajaýyp serpaý
ýapan Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri ýürek buýsanjy
bolup ýaňlandy.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara
aýratyn öwüşgin çaýdy. Täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşlerini, parahatçylygy,
asuda durmuşy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de beýik söz ussadynyň şygyrlaryna döredilen
aýdymlar belentden ýaňlandy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.