Habarlar

Täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

24.01.2025

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkanabat şäherinde welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi şatlyk-şowhuna beslendi. Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz, dürli öwüşginli baýdajyklar, şarlar, ak öýleriň owadan hatary baýramçylyk meýdançasyna bezeg berip, sahna oýunlary, sport çäreleri dabaranyň şowhunyny  artdyrdy. Hatara düzülen toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlandy.

Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen gutladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Döwrebap jaýlara göçüp gelen raýatlara öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy ýetirildi.

Dabara gatnaşanlar iki sany dört gatly, her biri 32 hojalyga niýetlenen jaýlaryň üç hem-de dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi bilen tanyşdylar.