Ruhubelentlige beslenen hasabat ýygnagy

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa Zenanlar birleşiginiň
welaýat bölüminiň, etrap-şäher geňeşleriniň wekilleri, ilkinji zenanlar guramalarynyň
işjeň agzalary, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnagyň dowamynda edilen çykyşlarda
bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
zenanlaryň çekýän asylly zähmetine ýokary baha berilýär, zenan sarpasy belentde
tutulýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň birleşen tagallasy
bilen yglan edilýän bäsleşikler, maslahatlar, wagyz-ündew çäreleri biri-birine
ulaşýar. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we etrap-şäher geňeşleri şeýle
çäreleri edara-kärhanalarda we halk köpçüliginiň arasynda geçirip, aýal-gyzlaryň
ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda tagallalaryny gaýgyranoklar. Çünki Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda öňe
sürülýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Zenanlar birleşiginiň, şol sanda onuň welaýat
bölüminiň öňündäki möhüm wezipeler zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik
durmuşyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, eneligi we
çagalygy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmakdan, köp çagaly eneleriň ýaşaýyş şertleri baradaky aladany
güýçlendirmekden, olary maddy taýdan goldamakdan we beýleki zerur kömekleri
bermekden ybaratdyr.
Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen
hasabat ýygnagynda geçen ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işlere seljerme
berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylmaly işler ara
alnyp maslahatlaşyldy. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň agza sanynyň yzygiderli
artýandygy göz öňünde tutulyp, onuň guramaçylyk toparynyň düzümine hem
seredildi.
Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanylýan
zenanlaryň, eneleriň bagtyýarlygy barada uly aladalary edýän Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar çärede edilen
çykyşlarda dilleriň senasyna öwrüldi.