Habarlar

Ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşy

12.05.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň Balkan atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky at çapyşyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çäräniň geçýän ýerindäki baýramçylyk ruhunda bezelen  ajaýyp meýdançada guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. 

Balkan atçylyk sport toplumynyň aýlawynda dürli aralyklara geçirilen ýaryşlara ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen gamyşgulak bedewler gatnaşdylar. Toplumyň üç müň orunlyk münberlerini dolduryp oturan janköýerler atlaryň her bir çapyşygyny şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Çapyksuwarlaryň erjelligi, atyň jylawyna başarjaň erk edişleri janköýerleriň berekellasy bilen mübäreklendi.

Ilkinji çapyşykda üçýaşar atlar 1400 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Begli Şanyýazowyň hojalygyna degişli Şasenem diýen mele ata taý tapylmady. Ol bu aralygy 1 minut 45 sekuntda geçmegi başardy. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1400 metr aralygy öz içine aldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu çapyşykda 1 minut 45 sekunt netije görkezen Garaýel diýen gara at birinji bolup pellehana gelmegi başardy. Ol Abdymyrat Ýazmyradowyň hojalyk atydyr. Üçünji çapyşyk dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralyga geçirilip, onda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Göwenek atly gara aty öňdeligi eýelemegi başardy. Ol bellenen aralygy 1 minut 51 sekuntda geçdi. Dördünji çapyşyk dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda 1800 metr aralykda geçirildi. Onda  Begli Şanyýazowyň Mähriban diýen aty pellehana 2 minut 14 sekuntda gelmegi başardy. Dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen bäşinji jemleýji çapyşyk  has-da çekeleşikli, dartgynly häsiýete eýe boldy. Onda  Seýitguly Tülegenowyň  Döwletli atly dor aty bellenen aralygy 2 minut 15 sekuntda geçip, ýeňiji bolmagy başardy.

           Çapyşyklarda öňe saýlanan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna welaýatymyzyň etrap we şäher häkimlikleriniň goýan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.