Uly durmuşa ak pata

Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasy ýurdumyzda
Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilýän hem-de «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilýän
gününde toý lybasyna beslendi. Welaýatymyzyň umumybilim berýän orta
mekdepleriniň iň göreldeli uçurymlary hem-de öňdebaryjy bilim işgärleriniň köp
sanlysy baýramçylyk ýörişi bilen bu ýere gelip, al-asmanda parlaýan ýaşyl
Tugumyzyň belent sütüniniň öňünde gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.
Soňra esasy dabara welaýat merkezindäki iňlis dili
dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde uly joşgun, şatlyk-şowhun bilen
dowam etdi. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň ýokary ruhubelentliginde toýlanýan «Soňky jaň» dabarasy
hem-de Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Milletler
bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30
ýyllygynyň giňden bellenilip geçilýän ýylynyň bagtyýar uçurymlaryna bolsa uly
durmuşyň ak ýollarynda üstünlikleri
arzuw etdiler. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk
getirmekde, bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, sanly tehnologiýalardan kämil
derejede baş çykarýan, Watanymyza, halkymyza wepaly, sagdyn nesilleri
terbiýeläp ýetişdirmekde ýetilen sepgitler hem-de üstünlikli dowam etdirilýän
özgertmeler dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle döwletli işleriň
sakasynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalara bilimlerini artdyrmak, ylym
öwrenmek, hünär edinmek, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama
kämillige ymtylmak arkaly mynasyp jogap bermegiň täze durmuşa gadam basýan
uçurymlaryň belent borjy, esasy maksady bolmalydygyna ünsi çekdiler. Uçurymlar
bolsa munuň üçin ähli yhlas-başarnyklaryny orta goýjakdyklaryny ynandyrdylar.
Şeýle çuň mazmunly çykyşlardan soňra 2024 — 2025-nji okuw
ýylynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan soňky jaňyň sesi ýaňlandy. Şol pursat
ak arzuwlaryň, parahatçylygyň nyşany bolup durýan ak kepderilerdir dürli reňkli
howa şarlary asuda asmany bezedi. Dabarada mekdep okuwçylarynyň joşgun bilen
ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlarynda mekdep durmuşy, täze taryhy eýýamyň beýik
tutumlary, Aşgabat şäheriniň gözellikleri, baky Bitaraplygymyz, bagtyýar
durmuşymyz wasp edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda zehin-ukyby, bilime, ylma
höwesi bilen aýratyn tapawutlanan uçurymlaryň birnäçesine Hormat hatlary hem-de
ýadygärlik sowgatlar şowhunly el çarpyşmalaryň astynda gowşuryldy.
«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan gezelençler uçurymlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki gözel meýdançada agşamara guralan aýdym-sazly dabara hem uçurymlar üçin şeýle ýakymly pursatlaryň üstüni ýetirdi. Onda medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde, sungata höwesli uçurymlar ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlaryna, eşretli zamanamyza bolan ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.