Miweleriň bol hasyly

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy, telekeçi Halmämmet
Amanmämmedowyň bagçylygy ösdürmekde
bitirýän işleri guwandyryjydyr. Ol Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen
ýaýlasynda döwlet tarapyndan
99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýer böleginde eken bagçylygynda bol hasylyň
kemala gelmegini gazandy. Telekeçi
bagban 5 gektar ýer böleginde ösdürip ýetişdiren 5 müň 500 düýpden gowrak
miweli baglaryna agrotehniki talaplara laýyk idegi ýola goýdy. Şonuň
netijesinde hem üstümizdäki ýylda bereketli hasylyň eýesi boldy.
Şu günler bu ýerdäki baglarda ýetişdirilen datly miweleri
ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Telekeçiniň bagçylyk bölüminde
zähmet çekýän bagbanlar miweli baglaryň
bitginli hasylyny ýygnamakda hem-de elýeterli nyrhlardan
ilata ýetirmekde yhlasly zähmet
çekýärler. Bu ýerde erik, alma, armyt, şetdaly, garaly ýaly baglaryň ir, aralyk
we giç ýetişýän görnüşleri bar. Häzire çenli baglardan ýyglyp alnan miweleriň
möçberi 6 tonnadan geçdi. Telekeçi bagban möwsümiň ahyryna çenli dürli
miweleriň 40 tonna golaýyny ýygnap almagy maksat edinýär.
Ýeri gelende aýtsak, işjanly telekeçiniň Düzmergen ýaýlasynda Türkiýede, Gollandiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanasy hem hereket edýär. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, meýdany 4 gektara barabar bolan ýyladyşhanada ýaşlaryň altmyşdan gowragy zähmet çekýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri ýyladyşhanadan ýygnalyp alnan pomidor hasylynyň möçberi 656 tonnadan geçipdir. Şonuň 516 tonnasy daşarky bazarlarda ýerleşdirilipdir.