Täze desganyň açylyş dabarasy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň
nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasy
hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak patasy bilen ulanmaga berildi.
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen
zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan täze
desganyň ýyllyk kuwwaty nebit
önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit
önümlerini düşürmek boýunça bolsa 1 million 150 müň tonna deňdir.
Täze gämi duralgasynda döwrebap zähmet we iş şertleri
döredilip, ýangyn howpsuzlygynyň hem-de daşky gurşawy goramagyň düzgünleri kämil enjamlaryň kömegi bilen
awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar.
Desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaradan
soňra toý sadakasy berlip, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, eziz
halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik
işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklar dileg edildi.