«Ýaňlan, Diýarymyň» welaýat tapgyry

Şirin owazly aýdym-sazlar hemişe göwünleri ganatlandyrýar,
ynsanlara ruhy lezzet paýlaýar. Aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze
çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikleriň halkyň arasynda meşhur
bolmagynyň düýp sebäbi hem şundadyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň
Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!»
telebäsleşigi hem şeýle bäsleşikleriň biri bolup, ol her ýylda şowhunly geçýän
aýdym-saz baýramçylygyna öwrülýär. Bu telebäsleşigiň Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyndaky welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynyň öňündäki gözel meýdançada geçirildi. Oňa «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
telebäsleşiginiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşdylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli
geçirilýän telebäsleşigiň esasy maksady milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň
ösmegine mynasyp goşandyny goşýan zehinli, höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze
çykarmakdan we olaryň sungat äleminiň ussatlary bolup ýetişmekleri üçin
döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, türkmen aýdym-saz
sungatyny döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Telebäsleşikde
gezekli-gezegine çykyş eden aýdymçylar ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň
we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar
geljegi ugrunda alyp barýan belent maksatly tutumlaryny, parahat we abadan
durmuşymyzy wasp edýän aýdymlary, türkmen halk aýdymlaryny we täze, döwrebap estrada
aýdymlaryny, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli
doganlyk halklaryň aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Uly joşgun bilen ýerine
ýetirilen şirin aýdymlaryň her biri tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşylandy.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew we Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy Öwezmyrat Ataýew «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildiler. Olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.