Mekdep bazarlaryndaky hyrydarly harytlar

Welaýatymyzyň
şäherleridir etrap merkezlerinde, şäherçeleridir obalarynda guralan mekdep bazarlarynyň
her gün müşderileri ýetik. Bu bazarlarda şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň
bosagasyndan ätlejek bagtyýar körpelerden başlap, ýokary synp mekdep
okuwçylaryna çenli niýetlenilen harytlaryň bolçulygy göwnüňi göterýär. Olaryň
ählisiniň diýen ýaly öz ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli okuw esbaplardyr egin-eşiklerdigi
bolsa kalbyňdaky buýsanç duýgularyny artdyrýar. Mekdep bazarlaryndaky
harytlaryň hatarynda türkmen telekeçileriniň önümlerine uly orun berilmegi
has-da guwandyryjydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we
orta telekeçiligi giňden goldamak baradaky taýsyz tagallalarynyň ýerine düşýändiginiň
kepilidir.
Depderleriň,
suratdyr çyzuw albomlarynyň, gollanmalaryň we beýleki neşir önümleriniň Türkmen
döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynda ýokary hilli öndürilendigini hem
aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň dokma önümlerini öndürýän kärhanalarynyň hem-de
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň milli mekdep
lybaslarynyň, gyzlar üçin ýaşyl
köýnekleriniň, akja öňlükleriniň, oglanlar üçin köýnekleriniň, penjekleriniň,
jalbarlarynyň, köwüşleriň hyrydarlary ýetik.
Mekdep bazarlarynyň, okuwa degişli harytlary
alyjylara hödürleýän söwda nokatlarynyň islendigine baryp görseň, täze okuw ýylyna ýaşlar bilen birlikde,
olaryň ata-eneleriniň hem ykjam taýýarlyk görýändiklerine göz ýetirýärsiň. Çünki çagalarynyň
ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana, halka wepaly, hünärli adamlar bolup
ýetişmekleri her bir ata-enäniň baş aladasydyr.