Hoşallyklara beslenen dabaraly maslahat

Şu günler BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli
geçirilmegi mynasybetli welaýatymyzda çuň ýürekden çykýan hoşallyklara beslenen
dabaraly maslahatlar biri-birine ulaşýar. Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen
zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran dabaraly maslahaty hem şeýle
çäreleriň biri boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen
maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gender deňligi babatynda
gazanan nusgalyk üstünlikleri dogrusynda durlup geçildi. Çykyşlarda zenanlaryň
döwleti dolandyrmak işlerine erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagynyň hukuk
kepillikleriniň üpjün edilýändigi nygtaldy. Şunlukda, zenanlar ýurduň
jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
Awaza forumynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmeginiň
özem ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent hormatyň, olara bildirilýän uly ynamyň
nyşanydyr. Dabaraly maslahatda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna goýulýan
nusgalyk hormat-sarpa üçin Gahryman Milli Liderimize hem-de hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklar beýan edildi.
Şeýle buýsançly çykyşlaryň dowamy welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlaryna utgaşdy. Belent hörplerde ýerine ýetirilip, milli tanslar bilen bezelen şirin aýdym-sazlarda baky Bitaraplygymyzyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlarynyň, zenanlaryň bagtyýarlygynyň waspy ýetirildi.