Pagta ýygymyna badalga berildi

5-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň oba
hojalygynda ýene bir jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna başlamaga ak pata
bermegi welaýatymyzyň ýer eýelerinde hem uly ruhubelentlik döretdi. Şunlukda,
yhlasly zähmetleri bilen «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getiren
daýhanlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30
ýyllyk şanly seneleriniň baýramçylyk çärelerine beslenýän Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler.
Möwsümiň
başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ak pataňyz üçin
sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly
maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň
agrosenagat toplumynda üstünliklere beslenýän giň gerimli özgertmeler barada
durlup geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan
gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda
üstünliklere beslenýän özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň gadymy we baý
ekerançylyk medeniýeti ylmyň döwrebap gazananlary bilen sazlaşykly utgaşyp,
ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Munuň özi ýer eýelerini, kärendeçi
daýhanlary öndürijilikli zähmet çekmäge, ýerden bol hasyl almaga ruhlandyrýar.
Çekilýän halal zähmet bolsa abadan, bagtyýar durmuşyň binýadydyr. Maslahatda ykdysadyýetimiziň
oba hojalyk pudagynyň okgunly ösüşini gazanmakda edýän yzygiderli aladalary
hem-de şanly ýylyň bereketli pagta hasylyny ýygnamaga beren ak patasy üçin
hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyşly sözler joşgunly ýaňlandy.
Ýygymyň
başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler soňra Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan
birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda dowam etdi. Ak öýleriň, döwrebap tehnikalaryň
owadan hatarlary bu ýere bezeg berip, oba hojalyk önümleriniň, taryhy
gymmatlyklaryň, el işleriniň sergisi, ümeçilik dessurlaryndan janlandyrylan pursatlar
bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.
Dabarada çykyş edenler pudakda durmuşa geçirilýän
oýlanyşykly özgertmeler dogrusynda buýsanç bilen nygtap, bu döwletli tutumlaryň
sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza
ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň
bezemen sahnada ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary ajaýyp döwrümiziň beýik
tutumlarynyň, abadan durmuşymyzyň, daýhanlarymyzyň zähmet üstünlikleriniň waspy
bolup ýaňlandy. Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra ýaşuly nesliň wekilleri «Bismilla»
bilen pagta ýygymyny başlap berdiler. Ýygymçy gyzlaryň topary bolsa agzybirlik,
ruhubelentlik bilen atyzlarda ak patrak bolup oturan, ak bagtymyza deňelýän «ak
altyn» hasylyny köpçülikleýin ýygmaga girişdiler.
Ekin meýdanynda guralan geňeş-maslahatda hünärmenler
möwsümde ýerine ýetirilmeli düzgünler barada gürrüň edip, ýygym tehnikalaryndan
netijeli peýdalanmagyň, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlyk
düzgünlerini berjaý etmegiň wajyplygyna ünsi çekdiler. Bular babatda
sowal-jogaplar alşyldy.
Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda şanly
ýylyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryndan ýüklenen «ak altyn» kerwenini
garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna, aýdym-sazlara beslendi. Daýhanlarymyzyň halal zähmet çekip,
ene toprakdan oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almaklary üçin döredilýän
giň mümkinçilikler üçin ýene bir ýola Milli Liderimize hem-de hormatly
Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýylyň-ýylyna netijeli zähmeti bilen
görelde görkezýän «ak altyn» ussatlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra ýaşulular «ak altyn» hasylyny ýüzlerine sylyp, daýhanlarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine beslemeklerini arzuw etdiler.