Bugdaý ekişine badalga berildi

Döwlet Baştutanymyzyň 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda bugdaý ekişine beren
ak patasyndan ruhlanan welaýatymyzyň babadaýhanlary il sylagly ýaşulularyň
«Bismillasy» bilen bugdaý ekişine guramaçylykly girişdiler. Welaýat
häkimliginiň mejlisler jaýynda bugdaý ekişine dabaraly başlamak bilen baglanyşykly
maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň, etraplaryň häkimlikleriniň, gowaça ekişine
dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, oba hojalyk işgärleri, kärendeçiler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri
gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda bugdaý ekişini agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda, ýokary guramaçylykda hem-de öz wagtynda geçirmekde,
kuwwatly tehnikalary bökdençsiz işletmek bilen, olaryň
mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde
durlup geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar soňra Gyzylarbat etrabynyň «Ezber
eller» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga
berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşdylar. Asylly däbe görä, bugdaý
ekişine il içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan hormatly ýaşulularyň «Bismillasy»
bilen girişildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzda 50 müň gektara
bugdaý tohumy ekilip, ondan azyndan 80 müň tonna guşgursak däne hasyly
ýygnalar. Ekiji tehnikalar tirkelen kuwwatly traktorlaryň 125-sine erk etjek
mehanizatorlar iki çalşykda işläp, möwsümiň bellenen möhletde we ýokary hilli
geçirilmegini üpjün ederler. Möwsümde ekiji tehnikalaryň, şol sanda sanly
telematik ulgam ornaşdyrylan takyk ekijileriň hyzmatyndan netijeli
peýdalanylar. Jogapkärli möwsümde ulanyljak tehnikalaryň ählisi
tejribeli mehanizatorlara berkidildi. «Balkanobahyzmat» önümçilik
birleşiginiň Gyzylarbat we Bereket etrap
«Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat
ediş toparlary möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolarlar.
Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de
welaýat medeniýet müdirliginiň guran dabarasynyň geçýän ýerinde guralan
geňeş-maslahata gatnaşyjylar bolsa welaýatyň ekin meýdanlarynda ekiljek bugdaý
tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna
girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal bu sebitde synagdan geçen «Alekseýiç» we
«Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler. «Balkangallaönümleri»
önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda güýzlük bugdaý ekişi üçin gerek bolan
tohumlyk bugdaýy taýýarlamak işleri irgözinden talabalaýyk ýola goýlupdyr.
Ýokary işjeňlige beslenen maslahatda däne ekişiniň agrotehnikasy barada hem
aýratyn durlup geçildi.
Bu ýerde guralan ajaýyp sahnada welaýatyň medeniýet we
sungat ussatlarynyň belent joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary,
milli tanslary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Çäräniň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, türkmeniň gadymy küren obasynyň
keşbi döredilipdir. Maldarlaryň durmuşyny suratlandyrýan görnüşler hemmeleriň
üns merkezinde boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan el işleriniň sergisi,
amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden
çykan zähmet gurallary we öý-hojalyk esbaplary mähelläniň uly gyzyklanma eýe
boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnan dürli bäsleşikleri, görkezme
çykyşlary aýratyn täsirli boldy.
Baý many-mazmuna beslenen dabaranyň geçýän ýerinde welaýatyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleriniň sergisi hem guraldy. Bu bolsa welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen dürli ir-iýmişleriň, gök-bakja, şeýle-de çörek önümleriniň sergisi has-da ünsi çekiji boldy.