Habarlar

Alkyşlara beslenen baýramçylyk

01.09.2025

Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp geçirilen dürli mazmunly çäreler welaýatymyzda biri-birine ulaşdy. Welaýat merkezindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde guralan dabara bilim baýramynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy aýratyn ýatda galyjy boldy. Baýramçylyk ruhunda bezelen mekdepde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

 Olarda bellenişi ýaly, ýurdumyzyň ösüşini ylym-bilimli, hünärli ýaşlarda görýän, olara uly bil baglaýan, ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek milli ýörelgelere, dünýä tejribesine, öňdebaryjy usullara, sanly bilimiň giň mümkinçiliklerine daýanýar. Munuň özi oňyn netijelerini hem berýär. Ýaşlarymyzyň halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegini bu ugurda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň miwesi hasaplamak bolar. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bilim ojaklarynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda ylym-bilimli, hünärli, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaş nesliň kemala gelmegi baradaky aladany öz içine alýar. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada edilen çykyşlarda şular barada aýratyn nygtalmak bilen, ylym-bilimi ösdürmek babatda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, belent tutumlarynyň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Aýdym-sazlara beslenen dabarada edilen buýsançly çykyşlardan soň,  ilkinji jaň kakyldy. Munuň özi Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesli ylymlar dünýäsinde döwrebap bilim almaga, alan bilimlerini has-da kämilleşdirmäge, ata Watanymyza mynasyp, ilhalar adamlar bolup ýetişmäge çagyryş bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda 1-nji synpa barýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat  berilmegi aýratyn ýatda galyjy pursatlary özünde jemledi.

Ak mekdebiň gujagyna dolan okuwçylar bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçirilen ilkinji okuw sapagynda Birleşen Milletler Guramasy  tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň, ýurdumyzyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleriniň mazmuny öz beýanyny tapdy.