Habarlar

Bagtyýar zenanlaryň bäsleşigi

19.09.2025

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşige welaýatymyzyň bank ulgamynda işleýän aýal-gyzlar gatnaşdylar. Olar şertlere laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan işleri buýsançly çykyşlarynda, şeýle-de gazallaryň, goşgularyň,  aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda taýýarlan milli tagamlary, işdäaçarlary bilen saçak bezemekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli tagamlaryň we naz-nygmatlaryň waspyny çeper sözlerde beýan etdiler. Zenanlara goýýan çäksiz hormat-sarpasy üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Balkan» şahamçasynyň kassiri Şabibi Durdyýewa birinji, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgally Balkan» şahamçasynyň hünärmeni Jemalsoltan Öräýewa ikinji we «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülýaýla Amanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinji we ikinji orunlara mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.