Täze gulluk awtoulaglary geldi

Garaşsyzlygymyzyň
şanly 34 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň biri-birine ulaşýan günlerinde
welaýat, etrap, şäher häkimlikleriň ýolbaşçylar düzümi üçin hormatly
Prezidentimiziň sowgady bolan täze ýeňil gulluk awtoulaglarynyň welaýatymyza gelip
gowuşmagy şatlyk-şowhunly çäreleriň hataryny artdyrdy. Bu waka mynasybetli
welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda geçirilen dabaraly
çäre oňa gatnaşýanlarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.
Çärä welaýat, etrap, şäher
häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem
eneler gatnaşdylar. Bu ýerde täze awtoulaglar türkmen halkynyň milli däplerine
laýyklykda, ak un sepilip, üzärlik tütedilip, aýdym-sazyň belent owazy astynda
garşy alyndy.
Täze gulluk awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy
welaýatda alnyp barylýan işlere, öňde durýan wezipelere hötde gelmeklige
özboluşly ýardam eder. Bular barada dabaraly çärede buýsanç bilen gürrüň
edildi.
Bu ýerde welaýatyň medeniýet we
sungat ussatlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Aýdym-sazly çykyşlarda
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik
işleriniň, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk
baýramlarynyň waspy belentden ýetirildi. Ýurdumyzy ösüşleriň täze
belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri
çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.