Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň bilen dünýä dolýar şanymyz!

Welaýat
merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen «Arkadagly Gahryman Serdarymyz,
Siziň bilen dünýä dolýar şanymyz!» atly aýdym-sazly dabara şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige
beslendi. Oňa welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän işgärler, il sylagly ýaşulular, kümüş
saçly eneler, talyp ýaşlar hem-de bagtyýar körpeler gatnaşdylar.
Dabarada welaýatyň
sungat ussatlarynyň çykyşlaryna uly orun berlip, hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen ägirt
uly özgerişleriň, dürli ugurlarda ýetilen belent sepgitleriň tarypy ýetirildi.
Bu günki gün döwlet Baştutanymyzyň güneşli Diýarymyzyň asudalygyny,
abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak we bütin dünýäde parahatçylyk
söýüjilik, ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly maksatlarynyň
rowaçlyga beslenýändigi buýsançly hem şowhunly çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Ata
Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ebedilik orun almagy,
halkymyzyň asuda, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz
tagallalary edip, gysga döwrüň içinde beýik işleri durmuşa geçiren hormatly
Prezidentimize hoşallyklar aýdymçylaryň, tans toparlarynyň, teatr artistleriniň
ýerine ýetiren çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan döwletimizi beýik ösüşlere besläp, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan
Gahryman Arkadagymyzyň, agzybirligiň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň dünýä
nusgalyk taglymatyny dowamat-dowam edip, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdym-sazly dabaranyň bütin dowamynda
belentden ýaňlandy.