Habarlar

Garaşsyzlyk — beýik işleň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany

26.09.2025

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Garaşsyzlyk — beýik işleň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

           Da­ba­ra­da çy­kyş eden­ler oňa ýygna­nan­la­ry şan­ly se­ne my­na­sybet­li gutlap, mu­kad­des Ga­raşsyz­ly­gyň ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň ýe­ten be­lent sepgitleri ba­ra­da gürrüň et­di­ler. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň öz­baş­dak ösüş ýo­lu­na düşen döwrüniň için­de welaýatymyzda hem äh­li ugur­lar­da uly özgertmeleriň bolup ge­çen­di­gi­ni, kuw­wat­ly se­nagat kär­ha­na­la­ry­nyň, mede­ni-durmuş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bellediler.

Welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen tanymal aýdym-saz, tans toparlarynyň, sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna dabarada giň gerim berildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, ajaýyp döwrümiziň, eşretli durmuşymyzyň waspy belent joşguna beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň özenini düzdi.

 Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Gutly bolsun şanly Garaşsyzlyk baýramy!» diýen aýdymyny ýerine ýetirip, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza  buýsançlaryny, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.