Habarlar

Naýbaşy baýramyň dabaralary

29.09.2025

Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreler  welaýat merkezi Balkanabat şäherinde hem belentden tutuldy. Baýramçylyk gününde şäheriň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň belent owazy astynda ýaşyl Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen dabaraly çäreler başlandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Baýramçylyk dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Welaýatymyzyň döredijilik toparlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guralan «Garaşsyzlyk toýuny tutýar Watanym» atly aýdym-sazly dabara hem egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň, talyp ýaşlaryň, çagalar tans toparlarynyň çykyşlaryna giň gerim berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy ýetirildi.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.