Habarlar

Dabaraly maslahat geçirildi

01.10.2025

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen welaýat häkimliginiň guramagynda «Türkmen halkynyň milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata welaýat halk maslahatynyň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan beýik işleriniň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändigi barada buýsançly bilen bellenildi. Şeýle-de Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň Halk maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watany depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär» diýen sözleriniň halkymyz üçin hemişelik ýörelgedigini öwran-öwran nygtadylar. Döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp gitmekde, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde beýik başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Uly ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň waspy şirin owazly aýdym-sazlarda ýetirildi.