Habarlar

Ýaşuly nesliň hormatyna

02.10.2025

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen dabaralar ruhubelentlige beslendi. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet weteranlary welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular.  Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen aýdym-sazly maslahatda çykyş edenler ajaýyp zamananyň bagtyýar ýaşulularyny baýramçylyk bilen gutladylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşululara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň etdiler. Il sylagly ýaşulular, mährem eneler özleri hakda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

         Baýramçylyk çäresi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar bilen dowam etdi. Onda welaýat medeniýet müdirliginiň, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Olaryň täze taryhy döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini, dana gojalarymyzy, mährem enelerimizi wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. Tans, folklor toparlarynyň buýsançly çykyşlary ajaýyp zamananyň bagtyýar gojalarynyň we eneleriň göwünlerini joşa getirdi, olary has-da galkyndyrdy.

         Dabaranyň dowamynda il sylagly ýaşululara we kümüş saçly enelere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.