Habarlar

Okuwçy gyzlaryň bäsleşigi

03.10.2025

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Welaýatymyzyň orta mekdeplerindäki gyzlar gurnaklarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan gyzlar öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynda öwrenýän el işlerini hem-de milli däp-dessurlarymyza eýerişlerini aýdymlarda, gazallarda, goşgularda wasp etdiler. Dürli el işlerini ýerine ýetirmekde,  haly dokamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Saçak bezemekde, unaş kesmekde birek-birekden kem durmazlyga çalyşdylar. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda tagam taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Aýdyşyklar, nakyllar, gazallar bilen milli tagamlaryň waspyny ýetirdiler. Özleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän, okamaga, öwrenmäge giň ýollary açan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Netijede, Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary birinji, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň agzalary ikinji, Gyzylarbat etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji orny eýelän topar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.