Berekediň baýramy
Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat
komitetiniň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ajaýyp
meýdançasynda Hasyl toýy mynasybetli guran baýramçylyk dabarasy çuň many-mazmuna
eýe boldy. Giňden guralan toý çäresi welaýatymyzyň ussat babadaýhanlarynyň,
ýaşuly nesliň wekilleriniň, talyp-ýaşlarynyň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim
we sport ulgamlarynyň işgärleriniň
gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.
Hasyl toýy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna
we ähli halkyna iberen Gutlagyndan ruhlanan ildeşlerimiz bu ýerde çykyş edip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk
toplumynyň düýpli galkynyşa eýe bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar.
Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň
dowamynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň buýsançly çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, sapaly
durmuşymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, daýhan zähmetiniň tarypyny ýetirýän aýdymlar belentden ýaňlandy.
Bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisinde ekerançylyga degişli milli
däp-dessurlar, azyk önümleriniň taýýarlanylyşy görkezildi.
Dabaranyň geçýän ýerinde «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň aşpezleri höwes bilen gatnaşyp, türkmen halkynyň milli tagamlaryny, işdäaçarlary ýokary derejede taýýarlamagyň inçe tilsimlerini açyp görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna salgylanyp taýýarlanylan melhemlik içgiler dabara gatnaşyjylara hödür edildi.