Türkmenistan — bagy-bossan
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen
geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsüminiň esasy çäresi welaýatymyz
boýunça Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde ýörite bellenen meýdanda
guramaçylykly geçirildi. Köpçülikleýin çärä bilim, medeniýet, saglygy goraýyş,
sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary,
ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary hem-de talyp
ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň
bagtyýarlygy, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga
öwrülmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Ählihalk bag ekmek dabarasynda
baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş
çatynjalara hem-de röwşen geljegimiziň
eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe boldy. Medeniýet we
sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren
döwrebap aýdym-sazlary hem-de talyp ýaşlaryň joşgunly çykyşlary bag nahallaryny oturtmak üçin
ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň rowaç tutumlarynyň, erkana durmuşymyzyň, tebigat
gözellikleriniň waspy ýetirildi.
Dabaranyň geçýän ýerinde sergiler
giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda daýhançylyk gurallary, agaç ussalarynyň ýerine
ýetiren işleri görkezildi. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçýän ýerinde dürli
bezeg gülleridir bag nahallarynyň, şeýle hem muzeý gymmatlyklaryndan,
senetçilige, amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler hem aýratyn
many-mazmuna eýe boldy. Sportuň dürli
görnüşleri boýunça bäsleşikleri, görkezme çykyşlary guraldy.
Zähmet baýramçylygynyň dowamynda bu ýerde
pürli we saýaly bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy we göwnejaý ideg edildi.
Şol gün Awaza etrabynyň gözel künjeginde oturdylan bag nahallary täze ýaşyl
zolagy emele getirdi hem-de bu ýeriň gözelligine gözellik goşdy.
Güýz paslynyň arassa we tämiz
säherinde geçirilen köpçülikleýin çäre welaýatymyzyň ähli ýerlerini zähmet
joşguny bilen gurşap aldy. Ählihalk dabarasyna gatnaşanlar şol gün öňden ösüp
oturan baglarda ideg-timarlaýyş işlerini geçirip, olaryň düýplerini
ýumşatdylar. Ýaş nahallaryň bolsa jemi 10 müňden gowrak düýbüni oturtdylar. Şolaryň 8 müňden gowragy pürli we
saýaly, 2 müň 200-si miweli baglaryň nahallarydyr.