Habarlar

Türkmenistan — dost-doganlyk mekany

21.11.2025

Ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Muňa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy. 

         Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerinden, belli aýdymçylarydyr sazandalaryndan, tans toparlarydyr teatr sungatynyň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet welaýat döwlet drama teatrynyň öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler. 

         Dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän döwrebap mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen bellediler. 

          Medeni çäre türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň, barha  ösýän türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.

           «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly türkmen-gazak dostluk  aýdym-sazly dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem guraldy.  

         Şatlyk-şowhuna, egsilmez buýsanja eýe bolan dabara «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

Goňşy döwletden gelen myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik aldylar.