Döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen welaýat
häkimliginiň jemagat hojalygy
birleşiginiň düzümleri üçin
satyn alnan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň
hem-de tehnikalaryň gelip gowuşmagy jemagat hojalygynyň işgärleriniň durmuşynda
şatlykly waka boldy. Şu
mynasybetli welaýatymyzda geçirilen dabaralar oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak
duýgulary döretdi.
Awaza etrap jemagat hojalygy müdirliginde geçirilen dabara
welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly
ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Bu ýerde täze awtoulaglar we tehnikalar
türkmen halkynyň milli däplerine laýyklykda, ak un sepilip, üzärlik tütedilip
garşy alyndy.
Jemagat hyzmatlaryny ýerine
ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglar we tehnikalar mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylynda welaýatymyzyň etraplarydyr şäherlerinde amala aşyryljak arassaçylyk
we abadanlaşdyryş işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin örän zerurdyr.
Şonuň üçin-de dabarada çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň
aýratynlyklaryny belläp geçdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde
jemagat hojalygynyň düzümleri üçin ýurdumyza getirilen täze, döwrebap
tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy,
ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar,
süpüriji-ýuwujy, zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew
we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi
maşynlar, agaç owradyjy, ýük göteriji, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, göteriji
enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar we beýleki dürli işleri ýerine ýetirýän
tehnikalar we goşmaça enjamlar bar. Hytaý Halk Respublikasynyň «Zoomlion»,
«Dongfeng» we «Infore Enviro» kompaniýalarynyň önümleri bolan döwrebap
tehnikalar ilatly ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini netijeli alyp
barmaga giň mümkinçilikleri berýär.
Dabarada «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan ýöriteleşdirilen
awtoulaglar we tehnikalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri öwran-öwran
dile getirildi.