Habarlar

Şanly şygara buýsanjyň beýany

16.01.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahat şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynyň işgärleri, mährem eneler, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary we talyp gyzlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň dabaraly belleniljek ýyly Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip belleýşi ýaly, üstümizdäki ýyl hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da artdyrjak ençeme taryhy wakalara beslener, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesinde ähli ugurlarda ýokary görkezijiler gazanylar. Çünki behişdi bedewler rowaçlygyň, rysgal-bereketiň, ösüşleriň nyşany bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edip, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Ata Watanymyzyň bedew bady bilen gülläp ösmegi, halkymyzyň nurana geljegi babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ýerine ýetirilen şirin owazly aýdym-sazlarda Watanymyzyň, döwrümiziň, ýylymyzyň şygarynyň waspy belentden ýaňlandy.