Anyk wezipeler kesgitlenildi
Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa Zenanlar birleşiginiň welaýat
bölüminiň geňeş agzalary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işjeň
agzalary, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
«Zenan mähek daşydyr» diýen pähime eýeren pederlerimiz zenan mertebesini
hemişe gorap gezipdirler, aýal-gyzlaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha
beripdirler. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda döwrebap many-mazmun bilen
baýlaşdyrylyp, dowam etdirilýär. Zenanlara mukaddes öý-ojagyň synmaz sütüni,
ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy hökmünde uly hormat-sarpa goýulýar.
Ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ajaýyp üstünliklere zenanlar saldamly
goşantlaryny goşýarlar, kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin
tutanýerli zähmet çekýärler, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, sagdynlygyny
goramakda, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk
görelde görkezýärler.
Hasabat ýygnagynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular barada aýdyldy.
Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan
wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Zenanlara uly hormat-sarpa goýýan, olaryň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän
Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.